Wagyz-nesihat duşuşygy

24 Iýun 2024
624

Döwürleriň şamçyragy — Magtymguly Pyragy

TKA-nyň Türkmengala etrap birleşmesiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Döwürleriň şamçyragy — Magtymguly Pyragy” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.