Umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edip

24 Iýun 2024
296

Türkmenistanyň Mejlisinde «Halklary birleşdirýän taryhy we medeni gymmatlyklar» ady bilen guralan maslahat Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen bu çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleri, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary, ÝUNESKO-nyň Almatydaky sebitleýin edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary gatnaşdylar.

Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň umumadamzat ähmiýetiniň barha artýandygy bellenildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyň giňden bellenilmeginiň çäklerinde alnyp barylýan işler Gündogaryň beýik akyldarynyň şan-şöhratyny belende galdyrmakda, medeni mirasyny aýawly saklamakda, ylmy taýdan çuňňur öwrenmekde we dünýä ýaýmakda, geljek nesillere ýetirmekde, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň nygtaýşy ýaly, görnükli türkmen şahyrynyň çuň many-mazmuna, belent ynsanperwer ýörelgelere ýugrulan şygyrlary bütin adamzady parahatçylyga, dost-doganlyga, birek-birege hormat goýmaga çagyrýan ruhy güýçdür. Onuň goşgulary, dünýäniň dürli döwletlerinde saklanylýan golýazmalar toplumlary hoşniýetli ýörelgeleri dabaralandyrýandygy üçin taryhy we medeni gymmatlyklar hasaplanýar.

(Ýörite habarçymyz).