Gün şöhlesi bedeniň immunitetini pugtalandyrýar, ganaýlanyşy gowulandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Şeýle-de bolsa howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda durmagyň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Sebäbi Günüň ultramelewşe şöhlesi peýdaly bolsa-da, infragyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda deriniň howply täze döremeleriniň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek maslahat berilýär.
● Irden sagat 09-dan soň, öýlän sagat 18-e çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.