Kalby päkligiň baýramy

18 Iýun 2024
341

Gadymyýetden arkaly agzybir halkymyz Gurban baýramynyň many-mazmunyna milli ynanjyny, adatyny, däp-dessurlaryny siňdiripdir. Şonuň üçin gurbanlyk däpleriniň dowamat dowamlylygy müňýyllyklardan habar berip, köp asyrlardan bäri ýaşap gelýär. Däp bolşy ýaly, halkymyz bu baýrama aýratyn sarpa goýýar. Gurban baýramy ir döwürlerden bäri milletiň ykbalynda päk niýetleriň, sogaply hem sahawatly amallaryň baýramy hökmünde orun aldy. Ol özüne mahsus aýratynlyklary bilen adamlaryň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy, hormat-sarpaly gatnaşyklary berkidýär. Bu bolsa, halkymyzyň durmuş pelsepesiniň ata-babalarymyzdan miras galan «Agzybire Taňry bi:r» diýen pähimden ugur alýandygy bilen pugta sazlaşýar. Şu jähetden-de, Gurban baýramy we gurbanlyk däpleri türkmen dünýäsiniň aýrylmaz bölegine öwrülip dowam edýär. Şeýle hem ol jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde, il agzybirligini we milletiň ynsanperwer däplerini pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolup gelýär.

Gurban baýramy her öý-ojakda maşgala baýramy hökmünde garşy alynýar. Onuň ilkinji günündäki baýram namazyndan soň gurbanlyklar kesilip, sadakalar berilýär. Datly tagamlar taýýarlanylyp, saçak-supralar giňden ýazylýar. Gurban edilmegine rugsat berlen mallardan birini kesmek Gurban ybadatlarynyň esasy şertidir. Bu däbiň hikmeti bilen gyzyklanan Sahabalaryň biriniň sowalyna söýgüli Pygamberimiz: «Gurban berlen malyň her bir gyly üçin bir sogap bardyr» diýenmiş. Gurban kesmek maddy hal-ýagdaýy ýerinde bolanlar üçin wajypdyr. Her maşgala gurbanlyk kesilenden soň gapysynda sadaka berýär ýa-da gurbanlyk etini ýedi goňşusyna paýlaýar. Däbe görä, gurbanlyk kesilen malyň eti üç bölege bölünmeli we bir bölegi gurbanlyk kesmediklere, bir bölegi goňşulara paýlanmaly, bir bölegi bolsa gurban kesilen maşgalada bişirilmeli. Baýram günlerinde her adamyň, azyndan, ýedi öýe baryp, Gurbanlyk sadakasyndan datmagy sogap hasaplanýar. Bu dini baýramyň özboluşly däp-dessurlarynyň uly terbiýeçilik ähmiýeti bar.

Gülsere JUMAÝEWA,
žurnalist.