Ynsanperwerligiň we ruhy tämizligiň baýramy

18 Iýun 2024
506

Ýurdumyzda Gurban baýramy ruhubelentlikde bellenilip geçildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde Gurban baýramy ýokary derejede uly ruhubelentlige beslenip bellenilip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryna eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp, şanly seneleri mynasyp garşylaýan mähriban halkymyz köpasyrlyk däplerimize laýyklykda, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli toý gazanlaryny ataryp, milli tagamlarymyzy taýynladylar, dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara salama baryp, birek-birege ýagşylyklary, gowulyklary arzuw etdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde köpöwüşginli aýdym-sazly dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».