Hemmämiziň borjumyz

17 Iýun 2024
278

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy mähriban ildeşlerimize ýerine ýetirmeli kadalar barada şulary maslahat berýär.

Tebigata çykanyňda, ot ýakmak asla bolanok, munuň özi, aýratynam, ot-çöpli, bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlara getirip biler. Eger-de ot azda-kände ýakylan bolsa, soňuna çenli durup, onuň dogrudan-da öçendigine göz ýetirmeli. Ot ýakylan ýere gum sürüp, suw sepip, közüni mazaly öçürmeli. Çalgy ýagy ýa-da ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen esgileri, söndürilmedik çilim, otluçöp galyndysy, döwlen çüýşe ýa-da aýna bölekleri taşlansa, Günüň şöhleleriniň ugruny üýtgedip geçmegi zerarly, guran ot-çöpleriň gyzmagy netijesinde, oduň öz-özünden döremegine getirip bilýändigini unutmaly däldir.