Milli bähbitlerimizi nazarlap

12 Iýun 2024
389

«Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň hemişe-de iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu şeýle bolmagynda galýar» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy hem-de täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy göz öňünde tutulýan ýerli çig mal serişdeleri bilen bagly alnyp barylýan işler barada degişli hasabatlary diňledi.

Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklar, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan dürli enjamlaryň görnüşleri bar. Şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanýan möçberleri baradaky maglumatlar barada hem hasabat berildi. Milli Liderimiz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynda öndüriljek serişdeleriň ýokary halkara ülňülere we häzirki zamanyň ekologik talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Munuň üçin döwrebap usullaryň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy işleriň netijeli bolmagynda ähmiýetlidir.

Meňli GARRYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy Saglyk öýüniň şepagat uýasy.