Içgeçme

7 Iýun 2024
491

Howanyň üýtgemegi bilen köplenç, duş gelýän keselleriň biri-de içgeçmedir. Bu kesel, esasan, çagalarda ýygy duş gelýär. Içgeçmäniň kiçi ýaşly çagalarda duş gelmegi has howpludyr.

Içgeçmede içegäniň hereketiniň çaltlaşmagy, suwuň ýogyn içegede sorulma hadysasynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar döreýär. Netijede, içegelerde gaýnaglama suwuklygynyň köp mukdarda emele gelmegi sebäpli suwuk täretiň ýygy-ýygydan çykmak hadysasy ýüze çykýar.

Aýna ÇARYŞEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň kiçi ylmy işgäri.