Bol hasylyň girewi

6 Iýun 2024
510

Her bir agrotehniki çäräniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi bereketli hasylyň girewi bolup durýar. Muňa oňat düşünýän Boldumsaz etrabynyň zähmetsöýer pagtaçy kärendeçileri-de ýaşajyk gowaçalary turuwbaşdan oňat ideg bilen gurşadylar. Etrabyň «10 ýyl abadanlyk» daýhan birleşiginde hem 1550 gektar meýdana gowaça ekilip, kadaly gögerişi gazanylan ekinleriň hatarara bejergisi guramaçylykly dowam edýär. Daýhan birleşigi boýunça ekilen gowaçalaryň 640 gektary tohum üçin niýetlenendir.

Gowaçalara ideg işlerinde birleşigiň Bazarbaý Duşemow, Ýagşygeldi Täzebaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän kärendeçiler toparlarynyň zähmetsöýer agzalary has-da tapawutlanýarlar. Giň gerimde ýaýbaňlanýan bejergi işleri gowaçalara ilkinji ösüş suwuny bermäge taýýarlyk bilen utgaşykly alnyp barylýar. Oňat ideg bilen gurşalan ýaşajyk gowaçaly atyzlar günsaýyn görklenip, ýer eýelerini begendirýär.