Welosipedli ýöriş — sagdynlygyň gözbaşy

4 Iýun 2024
431

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sporty barha ösýär, eziz Diýarymyz sport ýurduna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmak, raýatlaryň beden we ruhy sagdynlygyny gazanmak, milli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirýän işleri bu ugurdaky tagallalaryň rowaçlanmagyna getirýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap sport mekdepleridir toplumlar, meýdançalar, ak mermerli paýtagtymyzda bolsa sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi kemala geldi. Munuň özi sporty ösdürmäge, kämil türgenleri kemala getirmäge döredilýän giň mümkinçiliklerdir.

3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni dabaraly bellenip geçildi, sport çäreleri ildeşlerimiziň ruhuny göterdi. Halkara derejesinde giňden bellenilen Bütindünýä welosiped güni parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan baýrama öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus paslynyň ilkinji günlerinde Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, baý öwüşginli medeni-jemgyýetçilik çäreleriň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Sagdyn durmuş ýörelgesine we ekologiýany tutuş adamzat bolup goramaga çagyrýan bu baýramçylygyň geçirilýän gününde aýdym-sazlaryň hoş owazy belentden ýaňlandy.

Mährijemal MOMMYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.