2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi eziz Watanymyzda welosporta berilýän uly ünsüň nobatdaky dabaralanmasy, bu ugurdaky tagallalaryň halkara derejede ykrar edilmegi bolupdy. Her ýylyň 3-nji iýunynda ýurdumyzda welosipedli ýörişleriň guralmagy bolsa bu baýramçylyga aýratyn öwüşgin berýär. Ine, bu gezek hem şeýle boldy...
...Mary şäherinde jemlenen welosiped söýüjileriň 53-si uzak menzili külterlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. 335 kilometrlik ýoluň başlangyjynda dört tapgyrdan ybarat bolan aralygy geçmek üçin Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän welosipedçiler tälimçileriň 7-siniň ýolbaşçylygynda uzak aralyga ýola düşdüler. Netijeli geçirilen türgenleşikler bolsa şonda olaryň pellehana bellenilen möhletde ýetjekdiklerine ynam döredýärdi.