Aşgabat — sportuň gülläp ösýän merkezi

27 Maý 2024
400

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­möç­ber ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de 2013-nji ýy­lyň 25-nji ma­ýynda Aşgabat ak mer­merli bi­nalaryň has köp jemlenen şähe­ri hökmün-de Ginnesiň rekordlar ki­tabyna girizildi. Şol se­ne­den baş­lap, her ýy­lyň 25-nji ma­ýy Aş­ga­bat şäheriniň güni hökmünde bellenilip baş­landy. Ak şä­he­ri­miz Aşgabat özü­niň özboluşly, owadan binagärlik keşbi bilen dünýäniň rekordlar şäherine, sport mer­ke­zi­ne, sag­dyn­ly­gyň me­ka­ny­na öw­rül­di. Spor­ty ös­dür­mek ul­ga­myn­da tä­ze­çil­lik stra­te­gi­ýa­sy­nyň ba­şy­ny baş­lan Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň baş şä­he­rin­de kuw­wat­ly we döw­re­bap, kö­pu­gur­ly dü­züm ke­ma­la gel­di. Aş­ga­bat Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň mün­be­ri­ni be­ze­ýän ahal­te­ke be­de­wi­niň dün­ýä­de iň uly atyň keş­bi hök­mün­de, Spor­tuň suw gör­nüş­le­ri mer­ke­zi­niň dün­ýä­de iň uly üs­ti ýa­pyk suw­da ýü­züş how­zy hök­mün­de, 2018-nji ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da 3 müň 246 ada­myň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len we­los­port bo­ýun­ça okuw sa­pa­gy gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça iň köp adam­ly we­los­port okuw sa­pa­gy hök­mün­de hem-de 2019-njy ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da paý­tag­ty­myz­da 2019 ada­myň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len «Iň do­wam­ly, bir ny­zam­ly we­lo­si­ped­li ýö­riş» bo­ýun­ça dün­ýä re­kor­dy tä­ze­le­nip, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di.

Öwez­gel­di ORA­ZOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň har­by gul­luk­çy­sy, ka­pi­tan.