Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

24 Maý 2024
418

Ene topragyň berekedini artdyrmak, nygmat bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşmak etrabymyzyň oba adamlarynyň baş maksadydyr. Olaryň agzybirlik bilen çekýän zähmetleri bazarlarymyzda bolçulygyň döredilmegine uly ýardam berýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işe zähmetkeşleriň höwes bilen gatnaşmaklarynyň netijesinde şu ýylyň geçen dört aýynda etiň 8,1 müň tonnadan gowragy, süýdüň 29,9 müň tonna golaýy, ýumurtganyň bolsa 16,8 milliondan gowragy öndürildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artykdyr.

Gowy görkezijileriň oba adamlaryna döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilmegi netijesinde gazanylýandygy bellärliklidir. Şeýle çemeleşme oba ilatynyň bol girdejileriň eýeleri bolmagyna-da getirýär. Elleri uzadan ýerine ýetýän adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejeleri barha ýokarlanýar. Oba milli maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýan işler bolsa obalaryň täze, döwrebap keşbini emele getirýär.

Dursunaý KURBANKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.