Nygmat bolçulygy ugrunda

30 Aprel 2024
606

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde goýan jogapkärli wezipeleri Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu il-ýurt bähbitli işe welaýatymyzyň etraplarynyň daýhan birleşikleriniň oba adamlary hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň birinji çärýeginde gazanan netijeleri ýokarda bellänlerimizi anyk subut edýär. Zähmetiň gaýnap joşýan günlerinde welaýatyň zähmetkeşleri her gününi, her aýyny üstünliklere besleýärler, halal, yhlasly zähmet çekmek bilen hemmelere görelde bolýarlar. Hut şonuň üçin olaryň alyn derinden önen azyk önümleri ak bazarlarymyzy bezemek bilen, halkymyz tarapyndan uly islege eýe bolýar.

Taryhy ýylymyzyň geçen üç aýynda welaýatymyzyň etraplarynyň ýyladyşhanalarynda gök önümleriň 1,8 müň tonnadan gowragy öndürildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Öndürilen limon bolsa 36,3 tonna barabar boldy. Şeýle oňyn görkezijiler ilaty öz topragymyzda öndürilýän gowy hilli, arzan bahaly ýokumly önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Welaýatymyzda mallaryň baş sanyny hem-de mallardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak ugrunda hem uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gara mallaryň 597 müňden gowrak başy, dowarlaryň 3 million 226 müňe golaý başy, guşlaryň 3 million 430 müňe golaý başy, düýeleriň 6,3 müň başy bolup, bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ep-esli artykdyr.

Jennet RAIMBAÝEWA,
öz habarçymyz.