Galla oragyna taýýarlyk

30 Aprel 2024
687

Ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda Tejen etrabynyň zähmetkeşleri hem galla oragyna şu günlerden taýýarlyk görýärler. Oba hojalygyndaky bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly başlamak we bökdençsiz alyp barmak babatda kombaýnlaryň taýýarlygyna uly orun degişlidir. Etrap boýunça «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda galla orujy kombaýnlaryň 97-si we beýleki kuwwatly oba hojalyk tehnikalary doly derejede gözden geçirilip, taýýarlyk hatarynda goýuldy. Tejen etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda göreldeli zähmet çekýän bejeriji ussalardan, mehanizatorlardan we degişli hünärmenlerden möwsümde galla orujy kombaýnlaryň saz işledilmegini gazanmakda Resul Ataýewiň, Mälikpälwan Babaýewiň, Hydyr Aşyrowyň netijeli işleri alyp barýandyklary guwandyryjydyr.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işgärleri galla oragyna taýýarlyk işleriniň çäginde «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň göreldeli işçi hünärmenleri, bejeriji ussalary we mehanizatorlary bilen duşuşyp, olar bilen tehniki howpsuzlyk boýunça düşündiriş işlerini geçirýärler.Olar duşuşyklarda öňde duran galla oragyna taýýarlykly barmak, möwsümde tehniki howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek, ýokary öndürijilikli kombaýnlara aýawly garamak hem-de galla oragyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnamak bilen bagly işe mynasyp goşant goşmagyň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edip, degerli maslahatlary berýärler. Munuň özi galla oragyna gatnaşjak zähmet adamlarynda yhlasly zähmete ruhubelentlik döredýär. Türkmen daýhanlary halal zähmeti bilen atyzlarda mukaddes ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirýärler. Hormatly Prezidentimiz ýerden bol hasyl almaga ähli mümkinçilikleri döredýär. Daýhanlar ýerden, suwdan, dökünden, tehnikadan peýdalanyp, zähmetini gaýgyrman işleýärler. Bu bolsa olaryň belent sepgitleri eýelejekdiklerine uly ynam döredýär.

Bägül GURBANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.