Lukmançylygyň ajaýyp nusgasy

30 Aprel 2024
408

Orta asyrlarda ýurdumyzda lukmançylyk ösüpdir. Merw, Nusaý, Köneürgenç lukmançylygyň ösen merkezleri bolupdyr. Tebipçiligiň anyk dörän wagty, kim tarapyndan döredilendigi hakynda taryhda-da, halk döredijiliginde-de anyk maglumatlar ýok. Ýöne halk döredijilik we nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri geçmişde tebipçilik işiniň ýokary derejede bolandygyndan habar berip duran çeşmelerdir.

Adamzat irki döwürlerden başlap syrkawlygy, keselleri bejermegiň ýollaryny, onuň emlerini tebigatyň özünden gözläp başlapdyr. Dürli hili otlaryň, pasyllaryň howasynyň haýsy derde emdigini ýyllaryň tejribesi ynsana açyp beripdir. Asyrlaryň dowamynda toplanan tejribeleriň esasynda birnäçe ösümlikleriň ynsan keseline emdigini anyklap, ony ulanmagyň hötdesinden gelen adamy tebip, lukman diýip atlandyryp başlaýarlar. Türkmen halkynyň ençeme meşhur alymlary tebigatyň bu täsinliklerini, ynsan saglygyny goramagyň gaýtalanmajak inçe syrlaryny öz eserlerine siňdirip, tebipçilik ylmy barada gymmatly eserlerini döretdiler we dünýä lukmançylygyna uly goşant goşdular.

Altyn JUMAGYLYJOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.