Zyýankeşlere garşy göreş çäreleri

30 Aprel 2024
527

Güneşli Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleridir baglary zyýankeşlerden, kesellerden goramakda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň biolaboratoriýalarynda önjeýli iş alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bar bolan biolaboratoriýalarda öndürilýän bioönümler kärendeçileriň alyp barýan işinde uly ähmiýete eýe. Olar gowaçadyr bugdaýa we beýleki oba hojalyk ekinlerine howp salýan mör-möjeklere garşy giňden peýdalanylýar. Şeýle bioönümleriň biri-de altyngözlüjedir. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, ol meýdana goýberilenden soň, ekin üçin howply zyýankeşler bilen iýmitlenýär hem-de ýumurtga berýär. Türkmenistanda bugdaýyň esasy zyýankeşlerinden ýasmygy, sülükpisint gallaçy tomzagy, däne şirejesini, däne sowkasyny, bugdaý bitini, bürepisint ýaprakçy tomzagy bellemek bolar. Şularyň ählisine garşy altyngözlüjäniň liçinkasy ulanylýar. Biolaboratoriýalarda ony 20 — 25 günüň dowamynda bal bilen iýmitlendirip ýetişdirýärler. Zyýankeşlere garşy ulanylýan bu serişdäni gyş paslyndan başga wagty ulanyp bolýar. Eger-de howanyň derejesi 18 — 20 gradusdan geçmese, olary ekin meýdanlaryna goýbermek maslahat berilmeýär. Ony ýylda üç gezek, her gezekde 1 gektara 300 sanysyny ulanmak dogry hasap edilýär.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».