Hatarara bejergi geçirilýär

30 Aprel 2024
441

Möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlykly gelen Mary welaýatynyň hasyl ussatlary gowaça ekişine ýurdumyzda öňdäkileriň hatarynda girişdiler. «Ir ekilen ekiniň köki çuňa urar» diýlişi ýaly, ekiş geçirilen meýdanlarda eýýäm ýaşajyk gowaçalar hatar tutup ugrady. Kärendeçilerdir gaýry önüm öndürijiler topraga sepen gowaça tohumynyň kadaly ösüşini görüp-buýsanyp, ilkinji hatarara bejergi işlerine-de guramaçylykly girişdiler.

Möwsümleýin çäreleriň aýny wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi üçin Mary «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bejergi traktorlarynyň hem-de gurallarynyň ýeterlik möçberi irgözinden taýýar edilip, gowaçalaryň ilkinji bejergi işleri Tagtabazar etrabynyň ekin meýdanlarynda ýokary depginde alnyp barylýar. Aýratyn ussatlygy talap edýän bu çäräni geçirmek köpýyllyk iş tejribesi bolan halypa mehanizatorlara ynanylypdyr. Olaryň yhlasly zähmeti netijesinde, ekin meýdanlarynda işler barha gyzyşýar. Edermen pagtaçylar möwsümde 162 müň gektarda gowaça ekmegi meýilleşdirip, häzir ekiş bilen bejergi işlerini utgaşykly alyp barýarlar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).