Keselleriň öňüni alyş sanjymlary

26 Aprel 2024
520

Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak, keselleriň öňüni almak, maşgala lukmançylygy döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Göwreli eneleriň we çagalaryň saglygyna döwlet tarapyndan mugt seredilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda we bilim ojaklarynda, şeýle-de dürli ugurdaky edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglarynyň geçirilmegi, ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlarynyň ilata mugt edilmegi birnäçe keselleriň soňuna çykylmagyna, beýlekileriň bolsa berk gözegçilikde saklanmagyna uly mümkinçilik döredýär.

Çagalaryň we uly ýaşly adamlaryň arasynda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ýaşyna görä we köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi netijesinde, ýurdumyzda birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edildi: drakunkulýoz, ýabany poliomiýelit, gyzamyk, gyzylja we gyzdyrma. Bu keselleriň ýurdumyzda ýok edilendigi halkara guramalary tarapyndan ykrar edildi we degişli güwänamalar bilen tassyklandy. Häzirki wagtda degişli maksatnama laýyklykda, keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň üsti ýetirilip, meýilnama goşulýar. Mundan başga-da, her ýyl güýz paslynyň gelmegi bilen, saglyk öýlerinde raýatlarymyza möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar edilýär. Bu bolsa ýurdumyzda möwsümleýin ýiti respirator ýokanjy bilen kesellemegiň azalmagyna getirýär.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäherindäki 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.