Oba hojalygy: ýaz aladalary

17 Aprel 2024
485

Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar

Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer daýhanlary üstümizdäki ýylyň ýaz ekişine taýýarlykly geldiler. Şu möwsümde meýilnama boýunça ekilmeli 1050 gektar gowaça meýdanlarynda işleriň göwnejaý ýerine ýetirilmegi netijesinde, ekişi wagtynda geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Häzir howanyň amatly pursatlaryndan ýerlikli peýdalanýan kärendeçiler gowaça ekişini gije-gündizleýin alyp barýarlar. Şunda hojalyga degişli «MTZ-80», «MTZ-82» kysymly, ýokary iş öndürijiligi bolan traktorlaryň 12-si, etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyndan ýardama gelen dürli traktorlaryň 5-si, gowaça ekijileriň 2-si bökdençsiz işledilýär. Ahyrky netijede bolsa hojalyk boýunça gündelik gowaça ekilýän meýdanlaryň möçberi 20 — 25 gektara ýetýär. Bu möhüm işde Tirkeş Gurbangylyjow, Baýrammät Kerimow, Söýün Ýazjykow ýaly mehanizatorlar öndürijilikli zähmet çekýärler. Gowaça ekişi hojalygyň Dursunbaý Garabaýew, Myrat Ödäýew, Akmyrat Abdykerimow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 1,3,7-nji kärendeçiler toparlarynda has-da guramaçylykly ýola goýlupdyr.

Ýörite habarçylarymyz.