Möwsüme taýýarlykly gelindi

15 Aprel 2024
430

Üstümizdäki şanly ýylda dowarlardan owlak-guzy almakda guwandyryjy görkezijilere eýe bolan Kaka etrabynyň maldarlary dowarlaryň ýaz gyrkymyna hem taýýarlykly geldiler. Gyrkymyň maldarçylykda möhüm işdigine we ony irki möhletde başlap, wagtynda tamamlamagyň zerurdygyna oňat düşünýän maldarlar möwsüm üçin öňünden amatly ýerleri saýlap aldylar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň wekilleri bolsa maldarlar bilen iş üstünde duşuşyp, ýaz gyrkymynyň ähmiýetini düşündirýärler. Dowarlaryň kadaly ösmeginde we sagdyn bolmagynda gyrkymyň peýdasynyň uludygy barada täsirli gürrüň berýärler. Mundan başga-da, dowarlardan owlak-guzy almakda tapawutlanan çopandyr çoluklary höweslendirýärler.

Tawus BEKNAZAROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy.