Tohum topraga gowuşýar

12 Aprel 2024
614

Şu ýylky möwsümde 130 müň gektar meýdana gowaça ekip, 320 müň tonna «ak altyn» ýygnamagy maksat edinýän lebaply ekerançylar gowaça ekişiniň depginini birjik-de gowşatmaýarlar. Bu işde öňe saýlanmagy başaran daýhan birleşikleri ekişi tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşigi hem şolaryň biri.

Geçen ýyl meýilnama boýunça 3100 tonna derek 3550 tonna hasyl ýygnap, welaýat boýunça öňdebaryjylaryň hataryna goşulan bu hojalygyň şu ýyl hem ümzügi ileri. Gowaça ekmek üçin taýýarlanan 1000 gektar ýer tejribeli kärendeçilere berkidilipdir. Olardan 25 gektar meýdana eýeçilik edýän Gandym Begenjow, 10,5 gektar meýdany ýazky ekişe kemsiz taýýarlan Çary Baýramow ýaly tejribeli kärendeçiler ýerden bol hasyl almagy başarýarlar. Ençeme ýyl bäri mehanizator bolup işleýän Orazmyrat Ýazberdiýew, Agamyrat Hudaýberdiýew ýaly ussatlar her bir agrotehniki çäräni daýhanyň göwün islegine görä geçirmäge çalyşýarlar. Ekiş döwründe-de tohumyň kadaly çuňluga düşmegi we hatar aralygynyň deňeçer bolmagy olaryň üns merkezinde. Olar ekişe girişmezden ozal, atyzy gowy gözden geçirip, topragyň tohuma taýýarlygyny barlaýarlar. Ökdelerden öwrenmek bilen, borona-mala çekip, topragy ýumşadýan mehanizator Rozymyrat Haýdarow hem mydama bu abzaly gözden geçirip durýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).