Bananyň bol hasyly ýygylýar

9 Aprel 2024
517

Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri köp öndürmek bilen, ildeşlerimiziň bu babatdaky isleglerini has doly kanagatlandyrmak barada beren tabşyryklarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan «FERHAR» hojalyk jemgyýeti Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda banan hasylynyň ilkinji tapgyryny alyjylara hödürläp başlady. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň ýaşaýjysy, telekeçi Batyrmyrat Orazsähedowyň ýyladyşhana şertlerinde banan önümçiligini ýola goýmagy maksat edinip, döreden jemgyýetiniň işi häzirki döwürde rowaçlyk tapdy. Bu ýerde yhlasly işleýän işgärleriň tagallasy bilen ýylyň-ýylyna bananyň bol hasyly alynýar. Mineral dökünler bilen kadaly iýmitlendirilýän, damjalaýyn we ýagyş usulynda suwarylýan bananlar bu ýyl hem eýesini dilgir etmedi. Mart aýynyň ortalarynda hasyl ýygymyna girişen banançylaryň janypkeşlikli zähmeti netijesinde şu ýylky hasylyň ilkinji tapgyrlary ýerli ýaşaýjylara ýetirildi. Häzir hasyl ýygymy dowam edýär. Banan ösümliginiň bereketli bolmagy, ýetişen hasylyň öz wagtynda ýygylyp, alyjylara ugradylmagy üçin ýyladyşhanada işleýänleriň ählisi janypkeşlikli zähmet çekýär. Aýratyn-da, işgärleriň arasyndan Rejep Täşliýew, Nepes Welläýew, Parahat Akweliýew tutanýerli zähmet çekýärler.

Mahym TAGANOWA,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap geňeşiniň hünärmeni.