Boksçy Maýk Taýson gulak şekilinde süýji çykardy

7 Aprel 2024
409

Boksçy Maýk Taýsonyň gulak şekilindäki süýjüleri Nýu-Ýorkdaky dükanlarda satylyp başlandy. Bu barada «New York Post» habar berýär.

Marmeladyň şekili öňki boksçynyň 1997-nji ýylda Ewander Holifild bilen bolan söweşini ýada salýar, şonda Taýson garşydaşynyň gulagynyň bir bölegini dişlänligi üçin diskwalifikasiýa edilipdi.

Taýýarlan: Gülbahar SAPAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.