Yhlasyň bar ýerinde...

4 Aprel 2024
431

Ata-babalarymyzyň örän irki döwürlerden bäri dowam etdirip we ösdürip gelýän ýüpekçiligi bu günki günde-de rowaçlyklara eýe. Türkmenabat şäherindäki ýüpek önümçilik birleşiginiň öndürýän önümleri diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, ol daşarky bazarlarda hem iň bir islegli önümler hasaplanýar. Hatda dürli öwüşginli ýüpek parçalar bilen bilelikde dokalýan ýüpek halylar hem indi hemmeleriň köňül küýsegine öwrüldi. Aýratyn-da, milli öwüşgin berlip dokalýan bu halylary alys ýurtlardan gelýän jahankeşdeler hem iň gowy sowgatlyk hökmünde satyn alýarlar. Şeýdibem, türkmen topragynda öndürilen milli öwüşginli önümler dünýäniň çar künjegine ýaýraýar. Ine, şeýle gadyrly önümiň esasy çig maly bolan piläniň Lebap topragynda her ýylda bir müň tonnadan gowragy öndürilýär. Şu ýylky möwsümde hem welaýatyň zähmetsöýer ýüpekçileri 1010 tonna pile öndürmegi öz öňlerinde belent maksat edip goýdular. Göräýmäge köp ýaly görünmese-de, pile taýýarlamak örän hysyrdyly iş we köp zähmet talap edýär. Mundan ötri tejribeli ýüpekçiler ýüpek gurçuklaryny idetmek işine örän höwesli çemeleşýärler. Olaryň köpüsi möwsümde ýüz kilogramdan hem geçirip pile taýýarlaýarlar. Aprel aýy ýüpek gurçuklaryny idedip, pile alynýan döwür hasaplanylýar.

Bu möwsüme ýüpekçiler irgözinden taýýarlyk gördüler. Meýdanlardaky ýaplaryň, atyz-çilleriň gyralaryndaky tutlaryň düýpleri ýumşadylyp, suwarmak işleri geçirildi. Ýüpek gurçuklarynyň idediljek jaýlary kemsiz arassalanyp, olary idetmek üçin zerur şertler döredildi. Her ýylda üsti ýetirilip durulýan tut agaçlarynyň şu ýyl hem eýýäm ýüz müň düýbe golaýy oturdyldy. Gowy ýetişen tuduň her biri 40 kilograma çenli ýaprak berýär. Tut agaçlarynyň sanynyň artdyrylmagy bolsa geljekde welaýatda öndürilýän piläniň möçberini ýene-de artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).