Tohumyň müňlesin, Babadaýhan!

26 Mart 2024
571

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gowaça ekişine ak pata bermegi bilen, welaýatymyzyň pagtaçy babadaýhanlary 20-nji martda dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen oba hojalygyndaky jogapkärli möwsüme dabaraly ýagdaýda başladylar. Şu mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekerançylyk meýdanynyň golaýynda ýaýbaňlandyrylan dabara egsilmez şatlyga beslendi.

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyz boýunça 135 müň gektarda gowaça ekişini geçirmek we şonça meýdandan hasylyň 280 müň tonnasyny öndürmek maksat edinilýär. Şoňa görä-de, welaýatymyzda gowaça ekişine ýokary taýýarlyklar bilen gelindi. Ekiji tehnikalaryň jemi 400-den gowragy, şol sanda sanly telematik ulgam ornaşdyrylan takyk ekijileriň 68-si möwsüme öňünden doly taýýar edildi hem-de tejribeli mehanizatorlara berkidildi. Welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ekiljek «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 14», «Ýolöten — 39», «Aşgabat — 140» we «Jeýhun» ýaly gowaça görnüşleriniň tohumlarynyň taýýarlygyna hem aýratyn jogapkärli çemeleşildi. Bu zatlar gowaça ekişine guramaçylykly girişmäge mümkinçilik berýär — diýip, ýaz ekişiniň öňüsyrasynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen usuly maslahatda aýratyn bellenip geçildi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: gowaça ekişine badalga bermek dabarasyndan pursatlar. Surata düşüren Muhammet GARAÝEW.