Daýhandan hereket — ýerden bereket

26 Mart 2024
579

Geçen hepdäniň çarşenbe güni ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, aksakgal ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine badalga berildi.
Şu gün bolsa, ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişiler. Pagtaçy kärendeçiler üçin uly şatlyk-şowhuna beslenýän şeýle dabaraly günlerde gazetimiziň ýerlerdäki habarçylary kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildiler.

Ýazga geçirenler Laçyn SAMMAKOWA, Saparmyrat HAKMYRADOW, Şöhrat ABDYÝEW, Allaberdi SAPARGELDIÝEW, Jennet RAIMBAÝEWA,
«Bereketli toprak».