Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

26 Mart 2024
700

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň köp ugurly pudaklarynyň biridir. Agrosenagat pudagynyň okgunly ösmegini şertlendirýän esasy strategiýalaryň biri-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň döwlet tarapyndan ýola goýulmagydyr.

Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň agrosenagat pudagyny düýpli özgertmek we kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, «Türkmenpagta» döwlet konsernini hem-de «Türkmenobahyzmat» birleşiginiň döredilmegi hakyndaky Permana gol çekmegi aýdyň mysaldyr.

Aýna MUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.