Gel­je­gi nu­ra­na ne­sil

22 Mart 2024
403

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýaş­la­ra bil­dir­ýän be­lent yna­my, dö­red­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri ýaş nes­li nu­ra­na gel­je­giň bäh­bi­di­ne dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge, döw­re­bap bi­lim al­ma­ga, ylym, dö­re­di­ji­lik we sport bi­len meş­gul­la­nyp, uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar. Türk­men ýaş­la­ry bu gün hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ryn­da, ylym-bi­lim bäs­le­şik­le­rin­de, fo­rum­lar­da ýur­du­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik edip, Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny art­dyr­ma­ga go­şant goş­ýar­lar.

Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi, äh­li­ta­rap­la­ýyn kä­mil­leş­me­gi üçin giň şert­ler dö­re­dil­ýär, ýaş nes­liň wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da jem­gy­ýe­tiň esa­sy da­ýan­jy bo­lan ýaş­la­ryň dür­li ugur­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Ýa­kyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň So­çi şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip, 200-e go­laý döw­let­den ýaş­la­ryň müň­ler­çe­si­ni bir ýe­re jem­län Ýaş­la­ryň bü­tin­dün­ýä fes­ti­wa­ly hem türk­men ýaş­la­ry­na işe­wür­lik, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri, me­de­ni­ýet, ylym-bi­lim, sport, meý­le­tin­çi­lik ýa­ly ugur­lar­da da­şa­ry ýurt­ly deň-duş­la­ry bi­len tej­ri­be alyş­ma­ga aja­ýyp müm­kin­çi­lik bol­dy.

Rüs­tem MÄM­ME­DOW,
TMÝG-niň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bag­ty­ýar­lyk et­rap ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy.