Göreş sungaty – kämil mekdep

22 Mart 2024
439

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyz beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemekde göreşe aýratyn ähmiýet beripdirler. Şeýlelikde, toý-baýramlarda göreş tutýan ussat pälwanlary ýetişdirmegiň özboluşly milli göreş mekdebi kemala getirilipdir. Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen milli göreşini çyn ýürekden söýen halkymyz ony asyrlarboýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiripdir» diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň şu aýdanlaryndanam görnüşi ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýedir sport bilen meşgullanmak ata-babalarymyzdan bäri nusga bolup gelýän ýörelgedir.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ajaýyp zamanamyzda türkmen milli göreşi sportuň dünýä belli görnüşleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda türkmen milli göreşi boýunça halkara ýaryşlaryň yzygiderli guralmagy, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna türkmen milli göreşiniň hem girizilmegi muny kemsiz subut edýär. Türkmen pälwanlarynyň halkara derejede guralýan şeýle ýaryşlarda, aýratyn-da, geçen ýylyň noýabrynda gözel paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda gazanan ajaýyp netijeleri bolsa Watanymyzyň sport abraýynyň has-da belende göterilmegini üpjün edýär.

Nazardurdy ORAZDURDYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.