Bol hasyl — halkymyzyň rysgaly

21 Mart 2024
617

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes Watanymyzda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarda, köpmilletli agzybir halkymyz tarapyndan  Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagynyň iki ýyllygynyň egsilmez buýsanç bilen baýram edilýän günlerinde, has takygy, 20-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişiniň başlanmagy täze gelen baharyň bereket bolçulygynyň buşlukçysy bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalaryny has çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň daýhanlaryna döredilip berilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde gowaça ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi.

Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy.