Bol hasyl yhlasa bagly

20 Mart 2024
628

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak boýunça kabul edilen möhüm çözgüt kärendeçileri, oba hojalykçylary diýseň begendirdi.

Hormatly Prezidentimiziň daýhanlar üçin döredip berýän mümkinçilikleri netijesinde, kärendeçileriň ýokary hilli tohum, dökün, tehnika, suw bilen ýeterlik üpjün edilmegi bu möhüm işiň öz wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Döredilýän giň mümkinçilikler daýhanlaryň höwesini artdyrýar.

Gunça ÇOPANOWA,
«Daşoguz habarlary».