Ussatlygyn äşgär eden türgenler

20 Mart 2024
552

Ýakynda Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň guramagynda 2024-nji ýylda Ahal welaýatynyň açyk birinjiligini almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň, ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň toparlarynyň ünsüni özüne çeken bu çempionata Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary — halypa tälimçi, gara guşagyň III danynyň eýesi, sport ussady, uly leýtenant Güýç Gökowyň taýýarlan talyp türgenleri bilen bilelikde, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Annageldi Rahymowyň we kapitan Mülkaman Sahadowyň şägirtleri hem işjeň gatnaşyp, özleriniň ussatlyklaryny ýene bir ýola äşgär edip, baýrakly orunlaryň birnäçesini eýelemegi başardylar.

Bäsleşikde Kumite görnüşi boýunça 18 — 29 ýaşly türgenleriň arasynda esger Atamyrat Çaryýew 1-nji, tälimçi türgen — uly leýtenant Güýç Gökow we harby talyp Annanur Tagansähedow hem final tutluşygyna çenli göreşip, 2-nji orny eýelemegi başardylar. Gara guşagyň I danynyň eýesi, borçnama boýunça harby gullugyň uly seržanty Şatlyk Tekäýew, harby talyplar Arslan Babanazarow we Myrat Saryýew dagy hem ýokary netijeleri görkezip, 3-nji orna mynasyp boldular.

Serdar SAPAROW,
borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.