Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

13 Mart 2024
363

12-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Aksakgallar geňeşiniň başlygy gurama agza ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, hususan-da, medeni-ynsanperwer dialogy giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmek barada pikir alyşdylar. Mejlisiň dowamynda öňe sürlen başlangyçlaryň Türki Döwletleriň Guramasynyň mundan beýläk-de netijeli işlemegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.