Bosagada ýazky bag ekmek möwsümi

12 Mart 2024
285

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitleriň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle hem welaýatlarda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, gögeriş suwy tutulýar. 16-njy martda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde baglaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek we bag nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkimler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.