Aksakgallar geňeşiniň mejlisi

12 Mart 2024
360

Baky Bitarap döwletimiziň gözel paýtagty häzirki döwürde bütindünýä we umumadamzat ähmiýetli forumlaryň, maslahatlaryň, dürli ylmy, medeni çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde halkara jemgyýetçiliginde giňden tanalýar. Çünki eziz Watanymyzda guramaçylykly hem üstünlikli geçirilýän halkara derejesindäki her bir çäre sebitiň we bütin dünýäniň halklarynyň birek-biregi bilen ynanyşyp, parahat ýaşamaklaryna, ykdysady, medeni, gumanitar ulgamlardaky hyzmatdaşlyklaryny has-da ösdürmeklerine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Halkara derejesindäki şeýle ähmiýetli maslahatlaryň biri, ýagny hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda 11-nji martda Aşgabatda öz işine başlan Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi şu gün tamamlanýar. Turuwbaşdan, bu mejlisiň örän ýokary derejede hem-de netijeli geçendigini bellemek isleýäris.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçen mejlisiň esasy maksady Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli ykdysady, medeni, gumanitar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden hem-de hemmetaraplaýyn berkitmekden ybaratdyr. Şeýle asylly maksat bilen geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar Geňeşiň we Türki Döwletleriň Guramasynyň işi bilen baglanyşykly häzirki döwrüň öňe çykaran meselelerine seredip, mundan beýläkki bilelikdäki işleri hem-de guramanyň agza ýurtlarynyň hereketlerini utgaşdyrmak üçin esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem mejlisde 2023-nji ýylyň oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 14-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine seredildi.

«Türkmen dünýäsi».