Sport — parahatçylygyň ilçisi

28 Fewral 2024
431

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi netijesinde eziz Diýarymyzda halkara derejeli sport ýaryşlary giňden geçirilýär. 2023-nji ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi ata Watanymyzyň sportdaky at-abraýyny has-da belende göterdi. Dünýä çempionatynda ýurdumyzyň türgenleriniň gazanan üstünlikleri has-da guwandyryjydyr.

Bu iri halkara ýaryşynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habaryň gelmegi bagtyýar raýatlarymyzyň göwünlerini has-da belende galdyryp, sport türgenlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrdy. Gözel paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berlen sport toplumlary sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň sagdyn ruhda terbiýelenmegine uly ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.