Küşt ýaryşy geçirildi

28 Fewral 2024
481

Halaç etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde etrabymyzdaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň we ýaşaýjylarynyň arasynda küşt ýaryşyny geçirdik. Erkekleriň arasynda etrabyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşa dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçasynyň işgäri Penji Taňryberdiýew, 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Welmyrat Baýramow, «Amyderýa» suw desgasynyň tehnigi Tohta Rahmanow ýokary netijelere eýe bolup, degişlilikde birinji, ikinji, üçünji baýrakly orunlary eýelediler.

Berdimyrat ROZMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesiniň buhgalteri.