Çekeleşikli bäsleşik

28 Fewral 2024
373

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» ady bilen köp çagaly maşgalalaryň arasynda geçirilen sport bäsleşigi Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Welaýat häkimliginiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige welaýatyň etraplarynyň ählisinden köp çagaly maşgalalar gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sport-sagaldyş hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, çagalaryň beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda edýän taýsyz tagallalaryndan ugur alnyp geçirilen maşgala sport bäsleşigi turuwbaşdan ruhubelentlige beslendi. Oňa topar bolup gatnaşan bagtyýar maşgalalar sportuň hereketli oýunlarynyň birnäçe görnüşinde, şeýle-de tanap çekmek boýunça ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezdiler.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.