Güýçlüler üstün çykdy

27 Fewral 2024
439

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň welaýat tapgyrlary dowam edýär. Okuwçy oglanlaryň arasynda sportuň gandbol görnüşi boýunça ýaryşyň nobatdaky tapgyry Sarahs etrabyndaky 27-nji orta mekdepde guramaçylykly geçdi. Oňa etraplardan toparlar gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar.

Okuwçy ýaşlary sporta we bedenterbiýä giňden çekmek, olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, sportuň gandbol görnüşiniň meşhurlygyny artdyrmak, güýçli toparlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş uly gyzyklanma döretdi. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryş güýçli toparlary öňe saýlady.

Gaýgysyz BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.