Saýatly pälwanlar ― welaýatymyzyň çempionlary

21 Fewral 2024
332

Sport mekdebimizde türkmen milli göreşi boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Saýat we Kerki etraplaryndan pälwanlaryň 72-si gatnaşdy.

Türgenler degişli agram derejeleri boýunça göreşdiler. Toý ruhuna beslenen ýaryşda milli göreşimiziň täze, has ezber wekilleriniň ýüze çykarylmagy onuň esasy aýratynlygy boldy.

Täjiddin HAMDAMOW,
Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň müdiriniň orunbasary.