Türkmen ýaşlarynyň ýoly ýeňişlerden doly. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň ýaşlara bagyşlanmagy, şeýle hem kitapda sport ulgamynda halkara üstünliklere eýe bolan ýaşlaryň atlarynyň we gazanan üstünlikleriniň agzalmagy türkmen türgenlerini ýene-de beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Döwrümiziň galkynyşyndan ganatlanyp, dünýäde türkmen sportunyň dabaralanmagyna goşant goşýan pälwanlarymyzyň biri-de kuraş boýunça halkara derejeli sport ussady Gaýratjan Zeripowdyr.
Kuraş boýunça 5 gezek ýurdumyzyň çempiony bolan Gaýratjan ýurdumyzda tejribeli tälimçi, ussat türgen hökmünde tanalýar. Ol Çärjew etrabyndaky 3-nji sport mekdebinde başa-baş söweş sungaty boýunça ýaşlara tälim bermegiň ýany bilen halkara derejeli sport ýaryşlaryna hem yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip gelýär. Gaýratjan 2009-njy ýylda Ukrainada, 2011-nji ýylda Özbegistanda kuraş boýunça geçirilen VII we VIII Dünýä çempionatlarynda 60 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medallara mynasyp boldy.