«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky ýeňşi

20 Fewral 2024
306

«Arkadag» futbol topary 16-njy fewralda Birleşen Arap Emirliklerinde 2024-nji ýyldaky ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişdi. Topar okuw-türgenleşiginde ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny üstünlikli geçirdi.

18-nji fewralda Dubaý şäherindäki «Abu Dhabi Cricket & Sports Hub» sport toplumynyň futbol meýdançalarynyň birinde Russiýanyň Premýer-ligasynyň wekili bolan «Pari NN» («Pari Nižniý Nowgorod») topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçiren ýurdumyzyň çempiony bu duşuşykda güýçli garşydaşyny 2:1 hasabynda utdy. Duşuşykda türkmen toparyna ýeňiş getiren gollary 23-nji minutda Begmyrat Baýow, 68-nji minutda bolsa 11 metrlik jerime urgusyndan Didar Durdyýew geçirdi. «Pari NN» toparynyň ýeke-täk goluny 21-nji minutda N.Kutateladze öz adyna ýazdyrdy. Täze möwsümiň bosagasyndaky ilkinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Türkiýe Respublikasynda geçiren çempion toparymyz bu ýerde-de güýçli garşydaşlaryň birnäçesi bilen duşuşyp, olarda hem ýeňiş gazanmagy başarypdy.

(Ýörite habarçymyz).