Sagdyn ýaşlar — daýanjymyz

29 Ýanwar 2024
397

Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen bagly başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýar. Ýurdumyzyň sport älemindäki abraý-mertebesi belende göterilýär. Adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek, şeýle hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, milli sporty ösdürmek boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sportuň ösmegi ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler berk bedenli, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ýeterlik şertler bar. Paýtagtymyzda, şeýle hem Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän sport mekdepleridir bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ussat türgenleri taýýarlamagyň özboluşly ojagy bolup durýar.

Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.