Dört ýyldan bir gezek gaýtalanýan gün

28 Ýanwar 2024
617

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024

Yn­ha, ýe­ne san­ly­ja gün­den gyş pas­ly­nyň ikin­ji aýy, ýy­lyň ker­wen­ba­şy­sy bo­lan ýan­war ta­mam­lan­ýar. Onuň yzyn­dan bol­sa few­ral ge­ler. Onuň ady hem la­tyn­ça­dan ter­ji­me ede­niň­de, «aras­sa­laý­jy aý», «tä­miz­le­ýän aý» diý­me­gi aň­lad­ýar. Few­ral on iki aýyň için­de iň gys­ga aý ha­sap­lan­ýar. Şa­hyr aýt­myş­la­ýyn, few­ral gys­ga­ly­gy­na utan­ýar, ýö­ne ol ba­ha­ra how­lu­gyp, üç gü­ni kem alyp­dyr. Şu aý­ra­tyn­ly­gy bi­len hem ol beý­le­ki aý­la­ryň hem­me­sin­den ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa few­ra­lyň her dört ýyl­da bir ge­zek 29 gün­den yba­rat bol­ma­gy­dyr. Şol dör­dün­ji ýyl, ýag­ny few­ra­lyň 29 gü­ni öz içi­ne al­ýan ýy­ly-da şu ýyl­dyr — 2024-nji ýyl.

Aýgül Ýagmyrowa,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.