Ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda

26 Ýanwar 2024
453

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda ýaşlaryň hem-de ýetginjekleriň arasynda gylyçlaşmak boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geçirildi.

Diýarymyzyň dürli künjeginden zehinli türgenleriň gatnaşan birinjiliginde 17 ýaşdan uly bolmadyk ýaşlaryň arasynda gylyçlaşmagyň şpaga görnüşi boýunça guralan ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabatdan Arslan Agaýew, gyzlaryň arasynda Balkan welaýatyndan Ýelizaweta Prytkowa ýurdumyzyň çempiony diýen ada eýe boldular. Bu ýaşdakylaryň arasynda rapira boýunça geçirilen ýaryşda balkanly türgenlere taý tapylman, oglanlaryň arasynda Şatlyk Orazow, gyzlaryň arasynda Çynar Goşungeldiýewa ähli garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Gylyç görnüşinde bolsa Mary welaýatyndan Guwanç Gurdow hem-de Ýelizaweta Wodopýanowa hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdylar.

Kakamyrat GELDIÝEW,
«Türkmen sporty».