Watan goragçylarynyň gününe

26 Ýanwar 2024
919

Golaýda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň guramagynda karate we dzýudo boýunça ýaryşlar geçirildi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşlarda watan goragçylary ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Şeýlelikde, karate boýunça geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen edermen» topary öňdeligi eýeledi. Toparyň türgenleri 15 altyn, 6 kümüş, 8 bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Gala» topary ikinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi» toparynyň türgenleri umumylykda üçünji orna mynasyp boldular.

«Türkmen sporty».