Täze üstünlikleriň ýolunda

26 Ýanwar 2024
578

Bu gün bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegi jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýokary derejede peýdalanmaga gönükdirilen ýaşlar we sport syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Biz hem bu işlere öz mynasyp goşandymyzy goşmak üçin yhlasly zähmet çekýäris. Ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrjak ýaş türgenleri taýýarlap ýetişdirmek biziň öňümizde goýlan esasy wezipe bolup durýar. Häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýan okuw-türgenleşikleri ýaşlaryň saýlap alan sport görnüşlerinden kämilleşmeklerine şert döredýär. Karatedo boýunça Zakirbek Ýuldaşow, dzýudo boýunça Wladimir Widýasow, Näzikjemal Sopyýewa, boks boýunça Azat Yklymow, kikboks boýunça Salyh Mamekow ýaly tejribeli tälimçilerimiz şägirtleri bilen yzygiderlid türgenleşik geçýärler.

Mekan ANNAGURBANOW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebiniň müdiri.