Ykbal bize gülüp bakdy

23 Ýanwar 2024
581

Muhammetmyrat ATAÝEW,
Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň kärendeçi çopany:

— Ynsan balasynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlar, günler az bolanok. Şeýle begençli, guwançly günleri ençeme gezek başymdan geçirdim. Ýaňy-ýakynda durmuşymyzda bolup geçen, ýatdan çykmajak bagtly pursatyň welin, hakydamda ömürlik orun tutjakdygyny buýsanç bilen aýdyp bilerin. Çünki Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ilkinji aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt çäginde ilkinji iş saparyny Mary welaýatynda amala aşyrmagy Murgap jülgesiniň ýaşaýjylaryny, zähmetkeşlerini diýseň begendirdi. Biziň maşgalamyza bolsa goşa şatlyk, ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary getirdi. Kalbymyzy guwançdan, serimizi buýsançdan doldurdy. Çünki Garagumuň jümmüşine — biziň dowar bakyp ýören ýerimize Gahryman Arkadagymyz dikuçar bilen gelip, biziň bilen didarlaşdy, hal-ahwal soraşdy. Ýaşaýyş-durmuş şertlerimiz, gün-güzeranymyz bilen gyzyklandy. Belent mertebeli myhmanymyz çopan çalmarynda oturyp, köp zatlary gürrüň berdi. Milli Liderimiz maldarçylyk, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, işlemegi barasynda döwlet derejesinde edilýän aladalar hakynda giňişleýin durup geçdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bitirilýän işleriň arasynda maldarlaryň çekýän tutanýerli zähmetleriniň hem mynasyp orun tutýandygyny aýdyp, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda goşýan goşandymyza uly baha berip, işe bolan höwesimizi artdyrdy.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.