Topragy gowaça ekişine taýýarlamagyň döwrebap usullary

23 Ýanwar 2024
522

Topragy gowaça ekişine taýýarlamak işleri şol meýdanda öň ösdürilip ýetişdirilen ekine baglylykda ýerine ýetirilýär. Pagta hasyly ýyglan meýdanlarda gowaça çöpüni traktora asylýan ýörite gural bilen 10 — 15 santimetr çuňlukda köküni çapyp, meýdandan çykarmaly ýa-da gowaça çöpüni kerçeýji gural bilen maýdalap, ýere ýaýratmaly. Bu ýagdaý gowaça meýdanlaryny belli bir derejede organiki çüýrüntgiler bilen baýlaşdyrýar.

Ekin meýdanlarynda topragyň esasy bejergisiniň hilini gowulandyrmakda sürümden öň berlen suwuň uly ähmiýeti bar. Bu suw meýdanlarda gowaça çöpi çapylmazdan öň, köne keşler boýunça her gektara 600 kubmetr kadada berilýär. Sürümden öňki suwaryş işleri ýerasty suwlaryň golaý ýerlerinde geçirilmeýär.

Akmuhammet ÇAPAU,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.